Saglyk öýünde ...

Saglyk öýünde 3 hepdeläp psiholog bilen gürrüňdeşlik maňa gynamadan beter boldy. Göwnüme, göýä, arkamda äpet nyşan sallanyp durup, onda «Aklyndan azaşan!» diýen ýazgy bar ýalydy. Göýä, hemmeler meniň aklymyň ýerinde däldigini bilýän ýalydy. Meni psihologa gatnadýandyklary, sagatlap oturtýandyklary, lukmanyň ýanynda eglenýändikleri, öýe gelen dessimize bir sydyrgyn äheň bilen nämedir bir zatlar aýdýandyklary, nähilidir bir kaşa, miweli işdäaçar, bugda bişen et iýmäge mejbur edýändikleri üçin atam-enemi ýigrenýärdim.

Ýöne gaçyp-gutuljak ýeriň ýok — sportuň golaýyna hem eltmeýärdiler, mekdebe çenli eltip, sapaklar gutaran badyna hem alyp gaýdýardylar. Wagt diýseň köpdi. Bejergä gatnamaly bolýardy.