Tälimçi bilen agyr gürrüň ...

Tälimçi bilen agyr gürrüň hem öňdedi. Meniň bilen çagalaryň stolunyň başyndaky basdaşlygy paýlaşmadyk gyzlar, ussatlykda ýokary netijeler gazandylar. Öňümizde şäher ýaryşlary garaşýardy we meni esasy düzüme getirmek mümkin däldi. Iň bolmanda, bada-bat mümkin däldi.

«Wagtyň geçmegi bilen sen muny başararsyň!» diýmäge derek, ol menden: «Sen hakykatdan hem dolanmak isleýärsiňmi?» diýip sorady. Görlüp oturylsa, dolanmak islemeýän ekenim. Sypdyran ençeme ýylymyň içinde köp zat üýtgedi, ilkinji nobatda, men üýtgedim.

Sapaklar, şäheriň daşyna guralýan gezelençler, filmlere tomaşa etmek meni gyzyklandyryp başlady. Sporta  bolan ymtylyşym zerarly hemişe wagt tapyp bilmedik kitaplara men gaýtadan aşyk boldum.

Sport maksadym bolanlygyndan, ýardam guralyma öwrüldi. Umumy türgenleşiklerde myşsalar ýene-de öňki kaddyna gelýärdi. Dem almak ýeňilleşdi.