Aýbaşyňyz siziň duýgylaryňyza täsir edermi?

Aýbaşysy dowam edip duran döwürlerde gyz-gelinleriň iňňirdegen, gözi ýaşly we umuman  sustupes bolýandygy barada eşiden bolsaňyz gerek. Bu ýagday aýbaşyň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýüz berýän sindrom diýlip atlandyrylýar. Hut şu sindromyň we aýbaşynyň başlanmagyna sebäp bolýan zat hem şol bir gormonlardyr. Gyzlaryň birnäçesi aýbaşylarynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda bolup geçýän emosional özgerişleri duýýan bolsa, kä bir gyzlar bolsa asla duýmaýar.

Bu sindrom  aýbaşy döwründe bolup bilýän gaharjaňlyk, sustupeslik ýaly dürli-dürli psihologiki ýagdaýlary, ondan başga hem içiň ýellenmegi, süýt mäzleriniň agyrmasy ýa-da içiň gatamasy ýaly fiziki ýagdaýlar üçin ýüze çykýar.

Eger sizde bu sindrom  bar bolsa, siz hökman ukyňyzy almaly, kofeinly we gazly içgilerden gaça durmaly we düzüminde köp däl-de, az mukdarda natriý bolan azyk önümleri iýmäge çalyşmaly. Çünki duz hem köp gazlaryň üýşmegine alyp barýar.