Name üçin sizde aýbaşy bolýar? Aslynda nämeler bolup geçýär?

Görüm görme döwründe siziň bedeniňizde her hili  özgerişler bolup geçýär. Bularyň hemmesiniň bolup geçmegini mümkin edýän gormonlardyr. Tä aýbaşyňyz başlanýança gijelerine gormonlaryň işlenip goýberilmegi dowam edýär. Olar san taýdan barha artýar we aňrybaş mukdara ýetirilýär.

Gormonlaryň artyp, ýokary derejä ýetmegi bilen aýal jyns mäzinde erkeklik jyns öýjükleri ösüp, kemala gelýär. Her aýda erkeklik jyns öýjükleriniň biri siziň ýatgy turbaňyza düşýär. Muňa owulýasiýa diýilýär. Erkeklik jyns öýjügi turbadan ýatga düşýär. Şu hadysalar bolup geçýänçä siziň ýatgyňyzyň diwarlary ganyň gelip durmagy netijesinde barha galňaýar, ýagny erkeklik jyns öýjüginiň spermatozoid tarapyndan tohumlandyrylmagyna garaşyp durma ýagdaýynda bolýar.

Eger wagt nukdaýnazaryndan bu hadysalar amatly pursatda bolup geçýän bolsa, onda erkeklik jyns öýjügi bilen spermatozoid birigýär we tohumlandyrylan erkeklik jyns öýjügi ýatgynyň nemli bardasyna berk ýapyşýar. Şeýlelik bilen göwrelilik başlanýar.

Tohumlandyrylan erkeklik jyns öýjügi  bolmasa, ýatgynyň galňan diwarynyň peýdasy ýokdur. Hut su sebäpden hem ol  jyns agzalarynyň agzyndan gan bilen bile çykýar.  Şunluk bilen siziň aýbaşyňyz başlanýar we her aý gaýtalanýar.

Kä halatlarda sizde her aýda gaty köp ganym gidýär diýen pikir döremegi mümkin. Emma her gezek biliňiz açylan 2-7 günüň dowamynda ýitirýän ganyňyz diňe birnäçe nahar çemçesine barabardyr. Emma siz aşa köp gan gidýär ýa-da aýbaşyňyz adaty bolmalysyndan uzak dowam edýär diýen pikirde bolsaňyz, onda lukmanyňyza ýüz tutuň.