Siziň aýbaşyňyz haçan başlanar?

Aýbaşynyň başlanmagy üçin ortaça ýaş 12 bolup durýar, emma gyzlaryň aglabasynda ol irräk, birnäçesinde bolsa gijräk başlanýar. Haçanda siziň göwsüňiz ýaňy bir ulalyp başlanda we çatyňyzda biraz tüý peýda bolanda, adatça şol döwürdäki ýaşyňyza iki ýyl goşsaňyz, alnan ýaş çak bilen aýbaşyňyzyň başlanmaly wagtyny görkezýär.

Ýöne aýbaşyňyzyň kadaly häsiýete eýe bolmagy üçin ýene-de iki ýyl gerek bolar, çünki gormonlaryň işlenip çykarylmagy deň däldir. Ilki başda aýbaşy aýda bir gezek, soňky aýlarda bolsa birnäçe aýdan bir gezek bolýar. Şeýle-de bolsa, aýbaşyňyz kadaly esasda her aýda bolup durmasa-da, siz göwreli bolmak ukybyňyz bar.

Gyzlaryň köpüsinde aýbaşylary edil ejeleriniňki ýaly şol bir ýaşda başlanýar.  Şonuň üçin ejeňizden aýbaşysynyň haçan başlandygyny we onuň nähili geçendigini soraň. Eger-de siz 16 ýaşyňyzy dolduryp barýan bolsaňyz, aýbaşyňyz hem başlanmadyk bolsa, onda hökman lukmana ýüz tutmaly.