Eger-de sende JÝAGI-ň alamatlary peýda bolan bolsa, näme etmeli?

  • JÝAGI-y bejermek üçin lukmana ýüz tutmaly!
  • Nädogry, özbaşdak bejergi keseliň çynlakaý gaýra üzülmekligine we bejergisi kyn geçýän keseliň ötüşen derejesiniň güýjemegine getirip biler.
  • Hat-da sen özüňi has gowrak duýýan we keselden doly saplanan hasap edýän hem bolsaň, hökman ikinji, üçünji gezekler hem lukmana görün!
  • Öz jyns gatnaşygyny saklaýan ýoldaşyňa: ol özüni barlatmalydygy we gerek bolsa bejergi almalydygy barada aýt!
  • Lukmanyň hemme maslahatlaryny dogry berjaý etmek bilen, bejerginiň doly kursuny geçmeli.
  • Tä bejergi tamamlanýança we tä lukman jyns gatnaşygyny dowam etmek üçin rugsat berýänçä jyns gatnaşygyndan saklanmaly.
  • Öz-özüňi bejermek bilen meşgullanmaly däl we tanyşlaryň hödürleýän derman serişdelerini ulanmaly däl.
  • Öz ulanýan derman serişdeleriňi başgalara hödürlemeli däl.