JÝAGI-ň alamatlary nähili bolýarka?

Köp JÝAGI-ň alamatlary meňzeş bolýar. JÝAGI-ň umumy alamatlary:

  • örgünler, ýaralar, jyns agzalarynyň agzynyň töwereginde düwürtijekler ýa-da düwürtikler;
  • jyns agzalarynyň agzynyň töwereginde gijilewük we awuşatma;
  • agyry we awuşatma bilen geçýän ýygy-ýygydan buşukma;
  • jyns agzasynyň agzyndan çykýan üýtgeşik suwuklyklar;
  • ýakymsyz ys.

Geçirilen barlaglardan görnüşi ýaly, infeksiýa bilen kesellän aýallaryň 70%-de we infeksiýa bilen kesellän erkekleriň 30%-de käbir keseller hiç hili alamatsyz geçýär, şol sebäpli olar bejergi almaýarlar we bilmän başga adamlara hem zeper ýetirip bilerler.