20-29 ýaş aralygy: Geçmek maslahat berilýän saglyk barlaglary

• Süýt mäzleriniň kliniki barlagy
• Sowuklama keselleriniň barlygyna ginekologiki barlaglar
• JÝGÝ (jynsy ýollary bilen geçýän ýokançlar) saglyk barlagy we çyrşagyň sitologiýasy (eger jynsy aragatnaşyklaryny saklaýan bolsaňyz)
• Antropometriýa (agramy we boýy) – beden agramynyň indeksi
• Arterial gan basyşy
• Ganyň we peşewiň umumy barlagy
• Ganda glýukozany kesgitlemek (eger töwekgellik faktorlary bar bolsa)
• Öýkenleriň flýuorografiýasy
• Ganyň gepatite we AIW-e barlagy
• EKG
• Kiçi çanaklygyň agzalarynyň USB

Her aýda (özbaşdak): Her aýbaşydan soňra süýt mäzlerini barlamaly - lukmanyňyzdan nähili barlamalydygny soraň.  Şular ýüze çykarylanda: agyrylar, gatama, gyzarmalar, maşgala lukmanyňyza ýüz tutmaly.

Barlaglaryň birnäçeleriniň gowy hilli geçirilmegi üçin aýratyn taýýarlygy talap edýärler (mysal üçin aýbaşy fazasyny göz öňüne tutmagy, sowuklamanyň ýa-da ýoňlamanyň ýoklugy, barlaglary tabşyrmagyň öňünden ýagly iýmitden we spirtli içgilerden saklanmagy we ş.m.).

Şol sebäpden özüňiziň bejeriş lukmanyňyzyň maslahatlaryny berk berjaý etmelidir.