20 ÝAŞDAN SOŇ SAGLYK KARTASY (20-29 ýaş aralygy)

Bu ýaşda zenanlar üçin durmuşyň ajaýyp pursatlary has-da köp bolýar. Edil şu döwürde siz öz arzuwlaryňyzy we meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmäge başlaýarsyňyz.
Siziň üstünligiňiziň  girewi bolsa berk saglykdyr. Şol sebäpden öz saglygyňyz babatda ähmiýetli  çözgütleri kabul etmäge başlamak wajypdyr.