30-39 ýaş aralygy: Geçmek maslahat berilýän saglyk barlaglary

  • • Süýt mäzleriniň kliniki barlagy we/ýa-da USB)
  • • JÝGÝ (jynsy ýollary bilen geçýän ýokançlar) saglyk barlagy we ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döreme keseline PAP-barlagy
  • • Kolposkopiýa (zerur ýagdaýlarda)
  • • Ganyň we peşewiň umumy barlagy
  • • Oftalmologiki (göz lukmanyň) barlagy
  • Ganda glýukozanyň barlagy
  • • Ganda umumy holesterini kesgitlemek
  • • Ganyň lipid profilini barlamak;
  • • Flýuorografiýa
  • • EKG
  • • Kiçi çanaklygyň we garyn boşlugynyň agzalarynyň USB (reproduktiw agzalar, bagyr, öt halta, aşgazan asty mäzi we böwrekler)
  • • Galkan şekilli mäziniň funksiýalarynyň barlaglary
  • Her aýda (özbaşdak): Her aýbaşydan soňra süýt mäzlerini barlamaly - lukmanyňyzdan nähili barlamalydygny soraň.  Şular ýüze çykarylanda: agyrylar, gatama, gyzarmalar, maşgala lukmanyňyza ýüz tutmaly.

    Barlaglaryň birnäçeleriniň gowy hilli geçirilmegi üçin aýratyn taýýarlygy talap edýärler (mysal üçin aýbaşy fazasyny göz öňüne tutmagy, sowuklamanyň ýa-da ýoňlamanyň ýoklugy, barlaglary tabşyrmagyň öňünden ýagly iýmitden we spirtli içgilerden saklanmagy we ş.m.).

    Şol sebäpden özüňiziň bejeriş lukmanyňyzyň maslahatlaryny berk berjaý etmelidir.