40-49 ýaş aralygy: Geçmek maslahat berilýän saglyk barlaglary

  • Süýt mäzleriniň kliniki barlagy
  • Mammografiýa
  • JÝGÝ (jynsy ýollary bilen geçýän ýokançlar) saglyk barlagy PAP-barlagy
  • Kolposkopiýa (zerur ýagdaýlarda)
  • Ganyň we peşewiň umumy barlagy
  • Gözüň içindäki basyşy ölçemek
  • Ganda glýukozanyň barlagy
  • Ganda umumy holesterini kesgitlemek
  • Ganyň lipid profilini barlamak
  • Flýuorografiýa
  • EKG
  • Kiçi çanaklygyň we garyn boşlugynyň agzalarynyň USB (reproduktiw agzalar, bagyr, öt halta, aşgazan asty mäzi we böwrekler)
  • Galkan şekilli mäziniň funksiýalarynyň barlaglary
  • Kolonoskopiýa
  • Her aýda (özbaşdak): Her aýbaşydan soňra süýt mäzlerini barlamaly - lukmanyňyzdan nähili barlamalydygny soraň.  Şular ýüze çykarylanda: agyrylar, gatama, gyzarmalar, maşgala lukmanyňyza ýüz tutmaly.

    Barlaglaryň birnäçeleriniň gowy hilli geçirilmegi üçin aýratyn taýýarlygy talap edýärler (mysal üçin aýbaşy fazasyny göz öňüne tutmagy, sowuklamanyň ýa-da ýoňlamanyň ýoklugy, barlaglary tabşyrmagyň öňünden ýagly iýmitden we spirtli içgilerden saklanmagy we ş.m.).

    Şol sebäpden özüňiziň bejeriş lukmanyňyzyň maslahatlaryny berk berjaý etmelidir.