50 + : Geçmek maslahat berilýän saglyk barlaglary

• Süýt mäzleriniň kliniki barlagy
• Mammografiýa
• JÝGÝ (jynsy ýollary bilen geçýän ýokançlar) saglyk barlagy PAP-barlagy
• Kolposkopiýa (zerur ýagdaýlarda)
• Ganyň we peşewiň umumy barlagy
• Gözüň içindäki basyşy ölçemek
• Ganda glýukozanyň barlagy
• Ganyň lipid profilini barlamak;
• Öýkenleriň rentgeni
• Ýürek ritminiň bozulmalaryny ýüze çykarmak üçin EKG
• Kiçi çanaklygyň we garyn boşlugynyň agzalarynyň USB (reproduktiw agzalar, bagyr, öt halta, aşgazan asty mäzi we böwrekler)
• Galkan şekilli mäziniň funksiýalarynyň barlaglary
• Kolonoskopiýa
• Densitometriýa (osteoporozyň öňüni almak üçin süňkleriň dykyzlygyny barlamak)
• Dermatologiki serediş

Her aýda (özbaşdak): Her aýbaşydan soňra süýt mäzlerini barlamaly - lukmanyňyzdan nähili barlamalydygny soraň.  Şular ýüze çykarylanda: agyrylar, gatama, gyzarmalar, maşgala lukmanyňyza ýüz tutmaly.

Barlaglaryň birnäçeleriniň gowy hilli geçirilmegi üçin aýratyn taýýarlygy talap edýärler (mysal üçin aýbaşy fazasyny göz öňüne tutmagy, sowuklamanyň ýa-da ýoňlamanyň ýoklugy, barlaglary tabşyrmagyň öňünden ýagly iýmitden we spirtli içgilerden saklanmagy we ş.m.).

Şol sebäpden özüňiziň bejeriş lukmanyňyzyň maslahatlaryny berk berjaý etmelidir.