50+: Saglyk üçin maslahatlar, ýagny Reproduktiw saglyk otaglaryna haýsy meseleler bilen ýuzlenmeli?

Menopauzanyň alamatlary:
Beýle geçiş döwrüniň geçmegini ýeňilleşdirmek üçin ginekologyňyz bilen gürleşiň, maslahatlary we gerekli bejergini almaly. Klimaksyň alamatlarynyň agyrlygy boýunça
dürli derejeleri 50 ýaşdan uly aýallaryň 40-60% duş gelýär.

Osteoporoz
Aýallar erkekler bilen deňeşdirilende osteoporoza üç esse ýygylykda meýilli bolýarlar. Aýallaryň süňkleriniň agramynyň pes derejesi, şeýle hem menopauza wagtynda
gormonlardaky üýtgeşmeler onuň esasy sebäbi bolup gulluk edýär. Süňkleriň dykyzlygynyň we berkliginiň azalmagy, hatda kiçijik şikeslerde hem döwükleriň ýokary töwekgelligine getirýär.

Özüňizi söýüň!
Menopauza wagtynda siziň daş sypatyňyz üýtgäp biler. Emma edil şu ýaşda aýal gülleýär, we durmuşda toplanylan tejribesine laýyklykda, onda özüne bolan ynam peýda
bolýar. Şol sebäpli aýalda oňa öz ýaşyndan ýaş görünmegine kömek berýän mähirlilk, mylaýymlyk peýda bolýar.