ÖŇÜNI ALYŞ SAGLYK BARLAGLARYNY NIREDE GEÇIP BOLÝAR?

Şu bukletde dürli ýaşly aýallar üçin maslahat berilýän öňüni alyş saglyk barlaglaryny, öz maşgala lukmanyňyza ýüz tutup, özüňize golaýdaky saglyk öýünde geçip bolýar.

Zerur ýagdaýda lukman size has giňişleýin barlaglardan geçmegiňiz üçin ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralaryna iberip biler.

Ýadyňyzda saklaň - Maslahat berilýän barlaglar umumy bolup durýar we siziň kesel taryhyňyzy we siziň maşgalaňyzda bar bolan kesel taryhlaryny nazara almak bilen, edil siziň özüňize gabat gelýän barlaglaryň takyk sanawyny taýýarlamakdan öň, maşgala lukmanyňyz ýa-da ginekolog lukman bilen maslahatlaşyň.