Oglanlar üçin jyns agzalarynyň gigiýenasynyň düzgünleri

  • Jyns agzalaryňy irden, agşam we pollýusiýadan soň ýuwmaly, öňünden bolsa gowy edip eliňi ýuwmaly;
  • Ýuwanyňda arassa, ýyly, akar suw ulanmaly;
  • Ýuwanyňda dogry yzygiderliligi berjaý etmek gerek: ilki jyns agzanyň kellejigini, soňra jyns agzanyň özüni, tohum haltajygyny we soňra çatalba aralygyny;
  • Syrly ýerleriňi ýumşak, gury, arassa elsüpürgiç bilen süpürmeli.  Ýatda sakla: Seniň aýratyn, özbaşdak elsüpürgijiň bolmaly. Elsüpürgijiň diňe bir eýesi bolmaly;
  • Her gezek kiçi meýdandan soň, siýdik damjalary aşaky geýimleriňe siňmez ýaly jyns agzaňy hajathana kagyzy ýa-da kagyz salfetkasy bilen süpürmeli.