14 -18 ýaş aralykdaky ýetginjekleriň ýüzden 50%-de düwürtik bolýandyr.

Eger sen hut şu 50%-me düşen bolsaň, onda tizden-tiz biziň maslahatlarymyzy berjaý et ýa-da dermatolog lukmanyňyzdan olary bejermek barada maslahat al!

Iň möhüm we ýönekey düzgün - şahsy gigiýenany berjaý etmek.

  • Ýüzüňi hökman günde azyndan iki gezek ýuwmaly;
  • Ýüzüňi hapa elleriň bilen ellemeli däl;
  • Düwürtikleri sykyp çykarjak bolmaň, beýle etseň infeksiýa düşürmegiň ahmal;
  • Ýörite deri üçin niýetlenen arassalaýjy salfetkalardan, çagalar üçin sabynlardan, düwürtiklere garşy losýonlardan peýdalanyp bilersiň;
  • Iýmit möçberiňden ajy we öte süýji önümleri, gazlandyrylan içgileri aýyr.

 Eger düwürtik örgüni seni ynjalyksyzlandyrýan bolsa, hökman dermatolog- lukmanyňyzdan olary bejermek barada maslahat alyň.