Gyzlar üçin: Saglyk we gigiýena

Seniň teniň her gün bir garaşylmadyk täsinlik görkezýär: sen hemişe bolşuňdan köp derleýäň, saçyň birden ýagly bolýar, goňak peýda bolýar. Alada edip oturma, seniň ýaşyňda bu adaty bolmaly ýagdaýdyr. Edil häzir seň üçin bar ünsüňi öz bedeniň gigiýenasyna bermek möhümdir.

Esasy maksat - deriň arassaçylygyny üpjün etmek.

  • Her gün suwa düşmek, has gowusy akyp duran duşyň aşagynda;
  • Wannadan soň hökman arassa suw bilen ýa-da duşuň aşagynda ýuwunmak gerek;
  •  Her gün goltugasty oýtumlaryňy ýuwmaly, we ösýän tüýleri syryp aýyrmaly, sebäbi der olarda saklanyp soňra üýtgeýär, bu bolsa özboluşly ysyň döremegine getirýär;
  • Aýaklaryňy günde aram sowuk suwda ýuwmaly;
  • Her gün joraplaryňy, kolgotkiňi, eşigiň aşagyndan geýilýän geýimiňi çalşyp durmaly;
  • Seniň aýratyn diňe özüňe degişli daragyň, diş çotgaň, elsüpürgijiň, gaýçyň, eşigiň aşagyndan geýilýän geýimiň, aýakgabyň, dodak pomadaň, kellä geýilýän geýimiň, dezodorantyň, tüý syrmak  üçin abzalyň bolmaly;
  • Antiperspiranty/dezodaranty diňe arassa bedeniňe sepmeli.
  1. Düwürtikleriň döremegi adaty ýagdaýdyr
  2. 14 -18 ýaş aralykdaky ýetginjekleriň ýüzden 50%-de düwürtik bolýandyr.
  3. Haýsy düzgünler gyzlaryň saglygyny goramakda kömek edip bilerkä?
  4. Gyzlar üçin gizlin ýerleriniň gigiýenasynyň düzgünleri
  5. Aýbaşy döwründe gigiýena
  6. Aýbaşy sikliň senenamasy
  7. Ýadyňda sakla!