Aýbaşy döwründe gigiýena

Aýbaşy döwründe, ýatgynyň içki ýüzi açyk ýarany ýada salýar, we mikroblar düşen ýagdaýynda ol dessine çişmä getirip biler, şonuň üçin şu döwürde gigiýena nukdaýnazardan gorag serişdelerini ulanmak zerurdyr - ginekolog lukmanyň maslahaty boýunça prokladkalar ýa-da tamponlar.

"Dogry" ýa-da "nädogry" diýen gigiýena nukdaýnazardan gorag serişdeleri ýokdyr, sadaja sen özüňe has laýyk gelýän serişdäni saýlap bilersiň.

  • Aýbaşy bolýan günlerde günüň dowamynda gizlin ýerleriňi ýygy-ýygydan ýuwup durmaly;
  • Her gezek prokladkany ýa-da tampony çalşanyňdan öň we soň elleriňi ýuwmaly;
  • Prokladkalary we tamponlary her 3-4 sagatdan çalyşmaly;
  • Ulanylan prokladkany gowy edip daşyny dolap hapa atylýan bedrä atmaly;
  • Ulanylan prokladkany hiç bir ýagdaýda unitaza atmaly däldir, sebäbi onuň ýerlagym ulgamy bitirmegi mümkin.