Gyzlar üçin gizlin ýerleriniň gigiýenasynyň düzgünleri

  • Gizlin ýerleriňi irden we agşam ýuwmaly, öňünden bolsa gowy edip eliňi ýuwmaly;
  • Ýuwanyňda arassa, ýyly, akar suw ulanmaly;
  • Yzky täret deşiginden gizlin ýerleriňe infeksiýa düşürmez ýaly, elleriň hereketi we suwuň akymy öňden yza gönükdirilen bolmaly (hajathana kagyzyny ulanmak hereketi hem suňa meňzeş);
  • Gizlin ýerleriňi ýuwanyňda diňe hut özüňe degişli bolan elsüpürgiç ulanmaly. Gizlin ýerleriňi ýumşak, gury, arassa elsüpürgiç bilen süpürmeli;
  • Her gezek kiçi meýdandan soň, peşew damjalary aşaky geýimleriňe siňmez ýaly gizlin ýerleriňi hajathana kagyzy ýa-da kagyz salfetkasy bilen süpürmeli.