Düwürtikleriň döremegi adaty ýagdaýdyr

 Seniň ýag çykarýan mäzleriň aşa işjeň bolýar we ýag bölüp çykarýar, olar bolsa deriň öýjüklerini petikleýär we düwürtikleriň döremegine sebäp bolýar.  Şol öýjüklere düşen bakteriýa çişme prosesi ýüze çykarýar we netijede düwürtikler döräp başlaýar.

Düwürtikleriň döremegine başga zatlar hem sebäp bolup biler, olardan garyn-içege trakt keselleri; mysal üçin,  disbakterioz, gastrit, ötde daşyň bolmagy.  Şeýle-hem " gormonal  düwürtikler" ady bilen belli endokrin sistemasynda disbalans.