Agzymdan gelýän ys nämedenkä?

Kämillik ýaşyna ýetilýän döwürde işe girişýän goşmaça gormonlar agzyňyz bilen bagly alada döredip biler. Diş etleriňiz has duýgur bolup biler ýa-da olar çişen ýaly we ynjyk bolup görner.  Şeýle bolanda, dişleriňizi, agyz boşlugyňyzy häli-şindi diş çotgasy we ýörite diş arassalamaga niýetlenen sapaklar (flos) bilen arassalap durmak we lukmanyňyz bilen kadaly esasda maslahatlaşyp durmak zerurdyr.  Kadaly esasda edilýän alada agzyňyzdan erbet ysyň gelmeginiň, diş etleriniň näsazlyklarynyň, şeýle hem agyz boşlugy bilen bagly başga-da  meseleleriň öňüni almakda ýardam berer.