Derime näme bolup geçýärkä?

Düwürtikleriň döremegi adaty ýagdaýdyr – ähli ýetginjekleriň ýüzden 50%-de düwürtik bolýandyr. Ýönekeýje düwürtikler siziň kämillik ýaşyna ýetip başlandygyňyz barada göze görnüp duran ilkinji alamatdyr.

Düwürtikler ýüzüňizde, döşüňizde, ýa-da ýagyrnyňyzda bolup biler. Kämillik ýaşyna ýetýän döwrüňizde siziň ýag çykarýan mäzleriňiz aşa işjeň bolýar we düwürtikleriň döremegine hem şol ýag sebäp bolýar. 

Stres, biliň gelmegi, gazly içgiler, şeýle hem düzüminde ýag bolan makiýažyň düwürtikleriň has beterleşmegine alyp barmagy ahmal. Düwürtikleri sykyp çykarmaň. Muňa derek deriňizi arassa saklaň we dermatology lukmanyňyzdan olary bejermek barada maslahat alyň.

Gowy habar eşitmek isleýärmisiňiz?  Jahyllyk ýaşyna ýetmek döwri tamamlananda köplenç düwürtikli mesele aradan aýrylýar.