Haçan men halyky göwüslik (býustgalter) geýmeli bolarkam?

Göwüsler:  Olaryň peýda bolmagy sizi ýa begendirer ýa-da dolulygyna diýen ýaly ynjalykdan gaçyrar. Bularyň haýsy biri bolsa-da - tapawudy ýok, diňe  göwüslik (býustgalter) ýa-da topik geýmek bilen siz özüňizi oňyn, rahat duýýarsyňyz. Olaryň birini saýlap almakda ejeňiziň ýa-da joraňyzyň kömek bermegini haýyş ediň.  Bardy-geldi göwüsleriňiziň biri beýlekisinden ulurak ýa-da  kiçiräk görünse, asla alada galmaň. Bu adaty bir ýagdaýdyr. Wagtyň geçmegi bilen olaryň göwrümleri deňleşer. Şeýle hem siz göwüsleriňiziň barha ulalmagy bilen emjek uçlaryňyzyň hem ululyk, hem reňk taýdan özgerýändigini görersiňiz. Bu hem adaty bir ýagdaýdyr.