Içki eşigimde görünýän tegmilleri emele getirýän zatlar nämelerkä?

Kämillik ýaşyna ýetmek döwri başlananda gyzlaryň aglaba köpüsi jyns agzasynyň agzyndan bir zadyň çykýandygyny görerler. Içki eşigiňizde görýän ak ýa-da sary tegmiller adaty ýagdaýdyr. Çünki şol suwuklyk siziň jyns agzalaryňyzyň agzynyň arassa we nemli saklanmagyna ýardam berýär. Emma sizde gijilewük, tegmilleriň reňkiniň üýtgemegi, ýa-da ys peýda bolsa, ýa bolmasa jyns agzalaryňyzyň agzynyň töwereginde bir biynjalyklyk duýsaňyz, ejeňize aydyň. Çünki bu sanalyp geçilen zatlar jyns ýollarynda näsaglyklaryň alamaty bolup biler.