Men haçan söýgi duşuşyklaryna gidip başlamaly?

Bu meselä gezek gelende, söýgi duşuşyklaryna gidip başlamak üçin ýekeje-de "dogry" ýaş ýokdur. Siziň haçan muňa taýýardygyňyz barada karar almaklyk size we siziň ene-ataňyza baglydyr. “Onsoňam joralarym-a eýýäm duşuşyp ýörler” diýip, siz hem söýgi duşuşyklaryna gidip başlamaly dälsiňiz. Hatda siziň göwnüňize biri ýaran hem bolsa, siz onuň bilen duşuşyga bir özüňiz gidip başlamazdan öň sizde ony has gowy tanamak ýaly islegiň döremegi mümkin. Şonuň üçin siz onuň bilen tanyşlygy telefon arkaly gepleşmekden ýa-da hat ýazyşmakdan başlap bilersiňiz. Ýa bolmasa siz onuň bilen dost-ýarlaryňyz bilen bilelikde kino görmäge ýa-da bazara aýlanmaga hem gidip bilersiňiz.