Näme üçin men şeýle köp derleýärkäm?

Eger-de öňkiden köp derläp başlandygyňyzy duýsaňyz, bu ýagdaýa düşen adamyň bir özüňiziň däldigini bilip goýuň. Kämillik ýaşyna ýetmek döwründe  der işläp çykarýan 2 milliondan 4 milliona çenli mäzleriňiz birdenkä öňkülere garanda has işjeň bolýarlar. Netijede, siz özüňizi biynjalyk we gaharly duýýansyňyz, şeýle hem gyzýan wagtyňyz köp derleýärsiňiz, aýratyn hem goltugasty oýtumlaryňyz köp derleýär. Mundan başga-da siz öň bolmadyk üýtgeşik bir ysyň hem bardygyny duýarsyňyz. Bularyň ählisi adaty bolmaly ýagdaýlardyr.  Indi, ýygy-ýygydan suwa düşmeli we dezodoranty diňe arassa benediňize sepmelidir.