Özgeren bedenimde döreýän tüýler näme?

Bedeniňde öň hiç wagt bolmadyk ýerlerinde, mysal üçin, goltukasty oýtumlaryňda, aýaklaryňda we çatyň töwereklerinde birden tüýleriň ösüp başlandygyny hem görensiň. Ilki ösüp başlanda bu tüýler göze bildirmeýär we ýumşak bolýar, wagtyň geçmegi bilen bolsa olar has ýognaýar we goýy reňkde bolýar. Bedende tüýleriň peýda bolmagy adaty bir ýagdaý, emma käbir gyzlar olaryň görnüşini halamaýarlar. Eger-de sen ony aýyrjak bolsaň, howpsuz usullaryny bilmek üçin ejeňe ýa-da aýal doganyňyza ýüz tut.