Özüňizde bolup geçýän özgerişleriň adaty ýagdaýdygyna gözüňiz ýetýärmi?

Kämillik ýaşyna ýetmek döwri şatlandyryjy bolup biler we şol bir wagtyň özünde hem ol howatyrlandyryjy bolup biler. Bedeniňizde bolup geçýän dürli-dürli özgerişler sizde dürli duýgulary oýarýar. Şeýle hem sizde köp soraglar peýda bolýar. Ýöne bir zady ýadyňyzdan çykarmaň - bu bir adaty ýagdaý bolmak bilen, ol her kimiň başyndan geçýändir. Hut şu jähetden hem, bu soraglar barada öz ejeňiz, uly aýal doganyňyz ýa-da joralaryňyz bilen gürrüňdeş bolmakdan çekinmäň. Hatda olaryň hem bu mesele barada edil siziňki ýaly pikirlere eýerýändikleri we olarda hem edil sizde peýda bolan soraglaryň bardygy belki-de sizi haýran galdyrar.

Seniň öz saglygyň barada soraglaryň bolsa, ýa-da hiç kime aýdyp bilmejek pynhan syrlaryň bolsa - onda özüňi tanatman ýurdumyzda işleýän YNANÇ telefonyna jan edip professional lukman psiholog we ginekolog bilen maslahatlaşyp bilersiň!  

Aşgabat şäherinde belgisi: (12) 93-80-93; Mary şäherinde belgisi: (522) 5-30-48.