Söýgüli ýazyjymyzyň täze eseri bilen ...

Söýgüli ýazyjymyzyň täze eseri bilen tanyşmak, mekdep programmasynyň klassikasyny okamak ýa-da gyzykly detektiw okap gowy dynç almak häzirki wagtda hemmä elýeter. Islendik tekstiň elektron görnüşini tapmak mümkin. Munuň üçin şäheriň aňarky ujuna gidip kitaphanada nobatlarda garaşmak hökman däl. Internetda islendik awtoryň islendik eserini tapmak örän aňsat. Ýagny, kitap okamagyň täzeden moda bolmagynyň esasy sebäbi, eserleriň elýeterlidigi bolup durýar. Öýde, işde, ýolda, seýilgählerde kitaphanany ýanymyzda götermäge mümkinçilik berýän telefonlaryň we beýleki elektron enjamlaryň durmuşymyza girmeginiň hem kitap okaýanlaryň köpelmeginde  örän uly paýy bar.