Optimizm

Seniň günüň nähili geçýär?

Okamagyňyzy dowam etdirmezden öň, şu gün bolup geçen käbir zatlar barada oýlanyň. Eliňize galam alyp, olar barada ýazmaça bellik edip bilseňiz has hem gowy.

Hawa, kelläňize gelen zat barmy? Bolup geçen zatlarda esasan oňyn, pozitiw pursatlar bolupmy? Mysal üçin:

"Günüm, Hudaýa şükür, gowy geçýär! Enem ertirlik üçin blinçik bişirdi. Günortan naharyň başynda dostlarym bilen oturdym, şu günki iňlis dili sapagy bolsa meniň üçin hakykatdan hem hezil geçdi!"

Ýa bolmasa, diýeli, oňaýsyz (negatiw) bolan zatlara baradaky pikir sizi biynjalyk edýar:

"Enem meniň üçin ertirligimi taýýarlady, şu sebäpden hem men öýden gijräk çykmaly boldum. Netijede, men adatça münýän awtobusymdan gijä galdym.  Dostlaryňyz günortanlyk nahar üçin berlen wagtlaryny biderek geçirdiler, ýagny, ýürekgysdyryjy bir teleşou barada gürrüň edip geçirdiler. Onsoň, şu gün iňlis dili sapagym hem boldy. Hepdäniň penşenbe günlerini men şeýle bir ýigrenýärin!"

  1. Optimizm saglyga oňyn täsir edýär
  2. Näme üçin optimistik bolmak endigi her kime berilmändir?
  3. Optimizm pessimizmiň garşysyna
  4. Optimizm adamlara üstünlige ýetmäge ýardam edýär
  5. Optimizm göreşmek (erjellik bilen durmak) ukybyny kemala getirýär
  6. Realistik optimizm
  7. Pessimizm üçin orun barmy?
  8. Has optimist bolmak üçin näme etmeli
  9. Optimizm – bu pikir ýöretmegiň bir görnüşidir