Hünärmenler bilen aragatnaşykda boluň

Islendik ýetginjegiň durmuşynda ene-atalar ýeke-täk uly ýaşly adamlar däldir. Ýöne köplenç babatda nämedir bir ýaramaz hadysa bolanda: ikilik alnanda, sowuklamada biz  mugallymlara, maşgala ýa-da bejergi berýän lukmanlara, tälimçilere ýüz tutýarys. Bu zatlardan gaça durmak üçin olar bilen hemişelik aragatnaşykda boluň, çünki bu adamlar çagalary başga gurşawda görýärler we nämedir bir möhüm zat aýdyp bilýärler.

Möhüm!

Ene-atalaryň käbirleri şular ýaly «aragatnaşyk» bilen gereginden artyk jan edýärler we ony gözegçiligiň guralyna öwürýärler. Bu bolsa çaganyň ejesine hem kakasyna bolşy ýaly, beýleki ululara hem ynamynyň doly gaçmagyna getirýär.

Siziň aragatnaşygyňyz ýetginjek üçin syr bolmaly däl. Ýöne eger-de siz nämedir bir ýakymsyz zat barada eşiden bolsaňyz, onda çaga bilen gürleşiň. Goý, onuň özi bu ýagdaýy nähili  görýändigini we onuň çözülmegi üçin nähili hereketler edýändigini aýtsyn.