Nusga bolmaly

Ýetginjekler ulalyp, öz ene-atalaryny: olaryň hereketlerini, etmişlerini, daş görnüşlerini bahalandyryp, öz deň-duşlarynyň ene-atalary bilen deňeşdirip başlaýarlar. Bu deňeşdirmäniň netijesi sizi täsin galdyryp biler. Ýagny sagdynlyk babatda siziň maslahatlaryňyz ret edilip, dostunyň ýa-da jorasynyň ene-atasynyň siziň maslahatlaryňyzy gaýtalamagy doly düşünilip, kabul edilip bilner.

Öz saglygyňa gözegçilik etmeýän bolsaň, ýetginjek bilen onuň saglygy barada gürrüň etmek peýdasyz. Ol siziň aýdanlaryňyzy gulagynyň deňinden geçirip goýberer, çünki, eje we kaka, mysal üçin, arkaňy göni tutmagyň wajyplygy barada tekrarlap, özleri bolsa, gijelerini kompýuteriň öňünde küýkerilip oturyp, soňra bolsa bil agyrydan zeýrenerler.

Çaga üçin siziň nusga alarlyk bolup durýandygyňyza näçe çalt düşünseňiz, şonça-da ir taýýarlyk görüp bilersiňiz. Beýleki ene-atalardan gowy bolmak üçin däl-de, çagalar sizden hem nusga alyp bolar, siziň maslahatlaryňyzy hem diňläp bolar diýip pikir ederleri ýaly.