Çagalar bilen nämeler hakynda hökman ýagdaýda gürleşmeli?

Çagaňyzyň durmuşyndan sizi müňlerçe ownuk zatlar gyzyklandyryp biler, ýöne ol bu zatlaryň ählisini siziň bilen paýlaşasy gelmän biler. Ýaşlaryň syr saklamaga hukugy bardyr, hatda bu syr siziň pikirlenişiňizde ähmiýetsiz bolup görünse-de şeýledir.

Muňa garamazdan, ýetginjek çagaňyz barada jikme-jik öwrenmeli zadyňyz bar. Bu onuň jan saglygydyr. Ol özüni nähili duýýar? Ol aşa ýadaýan bolaýmasyn? Ukusyny alyp bilýärmi? Häzirki wagtda onuň bedeninde nähili üýtgeşmeler bolup geçýär? Bu ony birahat edýärmi? Bilermeniň bu mesele babatda goşulmagy zerurmy ýa-da siz bilelikde hem bu meseläniň hötdesinden gelersiňizmi?

Bu sowaly parhsyz goýmak ýa-da siziň çagaňyza saglyk barada aladalanmanyň möhümdigini, aýratyn hem häzirki wagtda gormonlar püre-pürlände, ses ýitende ýa-da birdenkä garyn agyryp başlanda möhümdigini mekdep, maşgala lukmany ýa-da dostlary düşündirer diýip umyt edip oturmak bolmaz.

Iň gowusy çaga bilen özüňiz gürleşip görüň. Onuň hal-ýagdaýyny sorap, iň ýönekeý soraglardan başlaň: ukusyny alyp bilýärmi, mekdepde ýadaýarmy. Onuň gün tertibini üýtgetmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşyň, ýetginjegiň has köp dynç almagy üçin onuň  sapaklardan we öý işlerinden azat gün geçirmegini teklip ediň. Goý, çaga siziň onuň tarapyndadygyňyzy, şular ýaly möhüm pursatda oňa düşünmäge we oňa guwanmaga taýýardygyňyzy duýsun. Şonda siziň aladalanmaňyz uly üns hem düşünme bilen kabul ediler.