Näme üçin dialog şeýle möhüm?

Uly ýaşlylar çagalary bilen saglyk, jyns gatnaşyklary, jahyllyk hakyndaky gürrüňleri yza çekýänçäler, çagalar bu soraglaryň jogaplaryny özlerine ýakyn adamlardan: deň-duşlaryndan alýarlar. Ýöne beýleki ýetginjekleriň, hatda ulularyň düşünjeleri tejribe ýetmezçiligi zerarly köplenç stereotiplere we hyýalbentlige esaslanýar we hakykat bilen asla gabatlaşman biler.

Internet bolsa adatça özensiz maglumatlary hödürleýär we öňküden hem köp soraglary ýüze çykaryp bilýär.

Siz bolsa öz çagaňyza ylmy maglumatlara hem, öz şahsy tejribäňize esaslanyp has köp zatlary düşündirip bilersiňiz. Şeýle hem siz bu işe özüňize we çagaňyza ýetginjeklik döwründe nämeler bolýandygyny we nämeler etmelidigini internetden hem has gowy düşündirip biljek hünärmenleri — lukmanlary, pedagoglary çekip bilersiňiz.