Siziň söhbetdeşiňiz eýýäm körpe däl

Siziň öňüňizde eýýäm jiger bagryňyza basyp, kaşa bilen iýmitlendiren körpeje ýok. Bu eýýäm özbaşdak pikirleri, garaýyşlary bolan uly adam. Muňa hormat goýuň. Ýatda saklaň: ýetginjek – öz aýratynlyklary we ýalňyşmaga hukugy bolan özbaşdak şahsyýet.

Oňa nämedir bir zat düşündirmek isleseňiz, onuň bilen uly adam ýaly gürleşiň, onuň pikiri bilen gyzyklanyň. «Sen nähili pikir edýärsiň?» ýa-da «Meniň ýerimde sen nähili hereket ederdiň?» ýaly soraglara jogap bermek bilen ýetginjekler öz pikirleriniň ähmiýetiniň bardygyna düşünýärler we ene-atalaryna hem şonuň bilen jogap berjek bolýarlar.

Ene-atalyk terbiýesiniň ýokary nusgasy — bu ýetginjege taýýar çözgüdi berjek bolmak däl-de, onuň özüniň dogry netijä gelmegine ýardam etmekdir. Ol ýagdaýy başyndan geçirmeli we onuň dürli taraplaryny görmeli, öz hereketleriniň netijelerine baha bermeli.