Ýetginjeklerde anoreksiýa we bulimiýa: nädip tanamaly we näme etmeli?

Horlanmagyň kül-külüne düşen ýetginjekler kähalatlar bedenlerini örän howply derejä çenli ýetirip, çenden aşa geçýärler. Bu zatlaryň ählisi ata-enäniň gözüniň öňünde bolup geçýändigine garamazdan, köplenç, olar şeýle meseläniň bardygy hakynda asla güman hem etmeýärler.

Çagalarynyň gün-günden horlanyp, boýunyň uzalyp gidip barýandygyny synlaýan  köp sanly ejelerdir kakalar «Bu zatlar gormonlaryň işi!» diýip pikir edýärler we ýetginjegiň barha az iýip-içýändigine ähmiýet hem bermeýärler. Kimdir biri munda  ýaramaz üýtgeşmeleri duýsa-da, ol ýöne bir geçiş döwrüdir diýip oňaýýarlar.

«Anoreksiýa» we «bulimiýa» ýaly aýylganç keseller uly ýaşly adamlara moda görkezilişiniň hem-de meşhur adamlaryň şüweleňleriniň bir meselesi bolup görülýär. «Biziň çagalarymyz-ha bu hili güne düşmez» diýip olar pikir edýärler. Emma bu ýagdaý her kimiň başyna düşüp biler.

Anoreksiýa — bu näsagyň özi tarapyndan goldanylýan we/ýa-da ýörite edilýän beden agramynyň bilkastlaýyn azaldylmagy bilen häsiýetlendirilýän aşgazanyň işiniň bozulmagydyr.

Bulimiýa — aşgazanyň işiniň bu hili bozulmagy beden agramynyň aşa gözegçilikde saklanmagy bilen, iýmiti zor bilen bedenden çykarmak arkaly yzygiderli gaýtalanýan aşa iýmitlenmek (iýmit hüjümleri) ýaly kesgitlenilýär.

  1. Gyzlar — howp toparynda
  2. Näçe ir bolsa, şonça-da gowy
  3. 1. Maksatsyz horlanmak
  4. 2. Önümleri saýlamak
  5. 3. Aşa köp suw içmek
  6. 4. Ýakynlaryň göwnüne degmezlik üçin, görmeksiz keşp
  7. 5. Sport, aşa işjeňlik, janypkeşlik.
  8. 6. Berk berhizden açgözlüge
  9. Bu näme üçin howply?
  10. Çagaňyz anoreksiýa bilen kesellese, näme etmeli?
  11. Ýene-de özara ynamdar gatnaşyklar