3. Aşa köp suw içmek

Suw beden üçin peýdalydyr. Bedendäki madda çalşygynyň kadaly işlemegi üçin adam her günde 1,5-2 litr suw içmelidir. Berhiz saklaýan ýetginjek bu kadany berjaý etmän, günde şol möçberden ýa köp, ýa-da az suw içýär.

Anoreksiýadan ejir çekýän ýetginjekde suw içmek — bir möhüm däp. Onuň pikirine görä, suw bedeni iç ýüzünden iýmitden arassalaýar. Ol ony litrläp içýär, hemişe ýanynda içer ýaly suw saklaýar.

Nahar iýmäge derek suw içýär, açlyk duýgusyny birnäçe litr suw bilen ýeňýär.