4. Ýakynlaryň göwnüne degmezlik üçin, görmeksiz keşp

Ýetginjek kem-kemden ýakynlaryndan we dostlaryndan çetleşdi, «ýadaw, eýýäm garbandym, gijräk iýip-içerin» ýaly bahanalar tapyp, üýşmeleňlerden we maşgala agşamlyklaryndan ýüz öwrüp başlady. Egnindäki geýimi has giňäp, onuň aňyrsynda hiç hili sudur görünmeýär diýen ýaly.

Çaga bularyň barsyny ýakynlarynyň göwnüni ýykmazlyk üçin edýär. Aň etmese-de, ýalňyşlyk edýändigini duýup, ol çöpe dönen bedenini, işdäsiniň bolmazlygyny, iýmite bolan ýigrenjini özüne gymmatly bolan adamlardan gizläp saklamaga çalyşýar.