6. Berk berhizden açgözlüge

Dek düýn hem ýetginjek ähli tagamlardan, hatda iň söýgüli tagamlaryndan hem ýüz dönderip oturyp, bu gün bolsa, bir gap çipsi, çorba, tort iýip, bularyň barsynam gazly suw bilen içdimi? Bu eýýäm bulimiýanyň alamatlary.

Diýmek, bedeniňi dolandyrmak boýunça şowsuz synanyşygyň üstüne «Men muny başarmadym!» günä duýgusy hem goşuldy. Iýen zadyndan tiz dynmak üçin ýetginjek emeli ýagdaýda gaýtarýar ýa-da içiňi geçirýän serişdeleri kabul edýär. Ýöne indiki gezek hem nahardan saklanyp bilmän, bir ujundan bar zatdan iýýär. Ýene-de ýaňky zatlar gaýtalanýar.

Ýaňaklardaky öçügsi reňk, saralyp giden, elmydama ýaşaryp duran gözler bulimiýadan habar berýär. Bu alamatlar eýýäm aşa giç bolan ýagdaýlarda ýüze çykýar.