Bu näme üçin howply?

Anoreksiýanyň we bulimiýanyň netijeleri köpsanly hem dürli-dürlüdir. Iň görnetini — arryklykdyr. Adaty bolmadyk inçejik ellerdir aýaklar, somalyp duran bil süňkleri, ýüzüň çekilmegi hem inçelmegi.

Organizmde madda çalşygy haýallaýar, beden energiýa tygşytlylygy ýagdaýyna geçýär — basyş, temperatura peselýär, beden üçin zerur bolan gormonlar işlenip taýýarlanmasyny bes edýär, gyzlarda menstruasiýa döwri bilen bagly meseleler ýüze çykýar.

Beden agzalarynyň ählisi hem-de deri kiçelýär. Aşgazan-içege trakty kadaly işlemegini we iýmiti gaýtadan işlemek üçin zerur bolan fermentleri işläp taýýarlamagyny bes edýär. Saç düşüp başlaýar, dyrnaklar gat-gat bolýar, deri we dişler zaýalanýar. Myşsalar ölýär, süňkler zaýalanýar. Anoreksiýa bilen kesellän adama gün-günden irden turmak has agyr degýär. Suw-duz deňagramlylygynyň bozulandygy sebäpli, myşsalarda gysylma ýüze çykýar, ýürek urşunda aritmiýa bellenilýär.

Fiziologik meseleler bilen çäklenilmeýär. Öz janyňa kast etmek ýaly pikirler has elhenç netijelere getirip biler. Näsag çuňňur göwnüçökgünligine düşýär. Köpsanly fobiýalar (gorkylar) ýüze çykýar, newroz ýagdaýlar duş gelýär. Köplenç ýagdaýda esassyz ýere gaharlanmak, gyjynmak bolup geçýär. Ýatkeşlik ýaramazlaşýar (ýatkeşlikde bulaşyklyk bolup biler), pikir işjeňligi düýpli aşak düşýär. Adam hiç kim bilen aragatnaşyk etmeýän, ýapyk şahsyýete öwrülýär.