Çagaňyz anoreksiýa bilen kesellese, näme etmeli?

Ilkinji ädim — ýene-de bir gezek oýlanyp görmeli. Ýagdaýa gaýtadan baha bermeli. Bu zatlaryň göwnüňe däldigini bilmeli. Siz çagalaryňyza öz gorkularyňyzdyr howatyrlanmalaryňyzy  ýazýan bolaýmaň?

Eger-de siz çagaňyzyň öz-özüne zyýan ýetirýändigini bilseňiz, onda ilki çaga bilen däl-de psihoterapewt lukman bilen gürleşmeli. Hünärmene ýüz tutmak çagaňyzyň psihiki taýdan näsagdygyny aňlatmaýar. Ýöne anoreksiýa meselesi psihika degişli bolup durýar. Şonuň üçin hem ony diňe ökde, tejribeli hünärmeniň maslahaty bilen ýeňip bolar.

Psihoterapewt size çagaňyz bilen bile bu meseleden nädip baş alyp çykyp boljakdygyny maslahat berer. Ol size saglygy dikeltmek boýunça indiwidual programma düzüp berjek hem-de dikeldiş döwründe size we çagaňyza gözegçilik etjek beýleki hünärmenlere — dietologlara, psihologlara ugrukdyrar.

Saglygyňy dikeltmek tiz amala aşmaz. Sabyrly boluň. Bejergi döwründe siz çagaňyz bilen has ýakynlaşyp, onuň dostuna hem-de gapma-garşylyklara garşy göreşmekde ýoldaşyna öwrülersiňiz.

Gygyrmagyň, haýbat  atmagyň, ýalbarmagyň haýyr etmejekdigini ýatdan çykarmaň. Ýetginjek-anoreksigiň dünýä bilen gatnaşyklary eýýäm bozulandyr. Onuň üçin diňe bir meselä siziň nukdaýnazaryňyzdan garamag-a däl, eýsem, şu meseläniň bardygyny boýun almak hem örän kyndyr. Ýalbarmagyň hem, gorkuzmagyň hem nepi degmez. «Öz-özi akyllanar» diýmek bilen ata-eneler  lukmana ýüz tutmaklygy gijikdirýärler.