Gyzlar — howp toparynda

Anoreksiýa we bulimiýa bilen islendik adam keselläp biler. Ýöne ýetginjek  gyzlar bu kesele has duçar bolguç bolýarlar. 

Göwnüňe bedeniň gelşiksiz, tagaşyksyz ýaly görünýär. Beden göýä hökmany suratda ýeňmeli garşydaşyň ýaly kabul edilýär. Aç gezmek bolsa, ýaraga öwrülýär. Birbada bolmasa-da, kem-kemden gyzlar iýmit kabul etmeklerini çäklendirip başlaýarlar — iýýän zatlarynyň möçberlerini azaldýarlar, dürli bahanalar tapyp, ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlaryndan ýüz öwürýärler, berhiz hem ýagsyz önümlere has köp üns berip başlaýarlar.

Gyzlar üçin bu ýaşda horlanmak — durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmeleri gözegçilik astynda saklamagyň usuly bolup durýar. Olaryň şu çaka çenli ýaşan oňaýly zolagynda saklanmagynyň usuly bolýar.

Aşgazanyň işiniň bozulmak howpy şu ýaşdaky oglanlarda 10 esse azdyr. Olaryň öz-özlerini ykrar etmekleri bedeniniň gelşikliligi bilen bagly däldir, gaýtam bu tersinedir. Ýöne kadadan çykmalar hem seýrek ýagdaýda hem bolsa, gabat gelip bilýär.