Ýetişenlik baradaky hakykatlar (ýigitler üçin)

“Meniň tenimiň öň hiç wagt bolmadyk ýerlerinde tüý ösýär ... Sesim hem üýtgeýär ... Bir gijede boýum hem 2 ýarym santimetr çemesi ösüpdir öýdýärin.”

Bu ýagdaý her bir oglan (we her bir gyzyň) başyna düşýär, ýöne ol her kimde başgaça bolup geçýär.  Şeýle zatlaryň bolup geçýän wagty aslynda siziň fiziki taýdan oglan bolmagy bes edip, erkege öwrülip başlaýan wagtyňyzdyr.  Bu döwür siziň organizmiňizde gormonlaryň agalyk edip, boýuňyzda we umumy ösüşiňizde gürli-dürli özgerişleriň bolup geçmegine täsirini ýetirýän döwrüdir. Hut şuňa  hem jyns taýdan ýetişmek diýilýär.  Tehniki nukdaýnazardan aýdylanda, jyns taýdan ýetişmek – siziň bedeniňiziň sizi kämillige ýeten uly adama öwürmekde saýlap alan ýoludyr. Munuň düýp maksady bolsa reproduksiýa, ýagny köpelmek bolup durýar.

Şu ýerde siziň dykgatyňyza erkekleriň kämillige ýetmegine degişli birnäçe soraglar we jogaplar getirilýär:
 

  1. Näme bolup geçerkä?
  2. Men ukydan oýanyp, birden adaty sesim bilen gepläp bilmeýändigimi duýýaryn. Onda hiňlenjek bolýaryn weli, edil horaz gygyran ýaly ses çykýar! Bu ýagdaý meni biynjalyk edýär.
  3. Bedenterbiýe sapagyna bile gatnaýan dostlarymyň ählisiniň çatynda tüý peýda bolupdyr we olaryň sesleri hem üýtgäp barýar. Mende bular ýaly özgerişler haçan bolup geçer?
  4. Ukudan oýansam, erkeklik jyns agzam gap-gaty bolupdyr, yatan ýerimde bolsa çig tegmil bar, ýöne men ýerime buşukmandygymy anyk bilýärin. Bu adaty ýagdaýmy?
  5. Meniň ýüzümde tüý ösüp başlady. Haçan syrynyp başlasam bolarka?
  6. Özümde bir hili ysyň peýda bolandygyny duýdum. Dezodorantdan peýdalanyp başlamagyň wagty geldimikä?
  7. Meniň endamymda edil patrak açylan ýaly düwürtikler peýda bolýar. Men näme etmeli?
  8. Baglaşma