Bedenterbiýe sapagyna bile gatnaýan dostlarymyň ählisiniň çatynda tüý peýda bolupdyr we olaryň sesleri hem üýtgäp barýar. Mende bular ýaly özgerişler haçan bolup geçer?

Gaty köp wagt geçmänkä! Kämillige ýetmek her kimde birmeňzeş wagtda  başlanmaýar. Oglanlaryň birnäçesinde kämillige ýetmek eýýäm 10 ýaşlarynda, ýene birnäçesinde bolsa gijräk, ýagny 14 ýaşlarynda başlanyp biler. Siziň bedeniňiziň haçan özgerip başlajakdygyny kesgitleýän köp faktorlar bar. Olaryň arasynda genetika (eger kakaňyzda kämillige ýetmek giç başlanan bolsa, onda  sizde hem giç başlanar), fiziki taýdan sagdynlyk, daşky gurşaw we iýmitlenmek ýaly faktorlar bar.