Näme bolup geçerkä?

13 ýa-da 14 ýaşyňyzdan başlap, siz birgiden özgerişlere sezewar bolýarsyňyz. Siziň gulaklaryňyz, elleriňiz we aýaklaryňyz ösüp, barha ulalýar. Siziň boýuňyz ösýär we siziň göwräňiz hem görnetin ulalýar. Eginleriňiz ulalýar, myşsalaryňyz güýçli bolýar. Siziň erkeklik jyns agzaňyz we ýumurtgalaryňyz edil göwsüňiziň ulalyşy ýaly ulaýar. (Ýöne bu bir wagtlaýyn ýagdaý, şonuň üçin aşa aladalanmaň!) Mundan başga-da, edil şu döwürde  erkeklik jyns mäzleri testosteron atly gormony we döl işläp çykaryp başlarlar.

Siziň sesiňiz barha ýognar, şeýle hem ýüzüňizde hem goltugasty oýtumlarda we çatyňyzda tüý döräp başlar.

Elbetde, bu ýagdaýyň haçan bolup geçjekdigini hiç kim öňünden anyk bilmez. Bu kesgitli wagt aralygynda ýuwaş-ýuwaşdan bolup geçýär. Oglanyň erkek adama öwrülmesi käwagt dört ýyla çenli wagt aralygynda bolup geçýär. Erkek kişileriň birnäçesiniň kämillik ýaşyna ýetmegi 21 ýaşynda hem dowam edýändir!