Baglaşma

Kämillige ýetmeklik ýetginjekler üçin tolgundyryjy we şol bir wagtyň özünde-de biynjalyk dörediji döwür bolup biler. Bedeniňiz bolup geçýän özgerişleriň her birine reaksiýa bildirende siziň ähli duýgularyňyz garym-gatym bolýar. Şu döwürde gormonlar herekete getiriji güýç bolup durýarlar.

Siziň durmuşyňyzda jynsy taýdan işjeňlik herekete getiriji güýje öwrülýär. Hut şu jähtden siziň üçin şu faktorlaryň hemmesi barada habarly bolmak uly ähmiýete eýedir. Öz ene-ataňyz bilen söhbetdeş boluň, ýa bolmasa bar bolan soraglaryňyza  anyk jogap tapmak üçin saglyk meseleleri boýunça hünärmene ýüz tutuň.  Bedeniňiz barada näçe köp bilseňiz, şonça-da özüňize erk etmegi başararsyňyz.