Men ukydan oýanyp, birden adaty sesim bilen gepläp bilmeýändigimi duýýaryn. Onda hiňlenjek bolýaryn weli, edil horaz gygyran ýaly ses çykýar! Bu ýagdaý meni biynjalyk edýär.

Bularyň hemmesine siziň bedeniňizde androgenleriň işlenip çykarylmasy sebäp bolýar. Androgenler siziň erkeklik häsiýetleriňize gözegçilik edýän gormonlardyr. Olar sebäpli siziň kekirdegiňiz ulalýar we onuň daşyndaky epinler galňap, sesiňiziň pes äheňiniň, başgaça aýdanymyzda, sesiňiziň ýygylygynyň ýokarlanmagyna alyp barýar. Şular ýaly zatlar bolup geçýärkä sesiňiziň “üýtgeme” döwürleri peýda bolup biler.  Bulara degişli gowy habar hem munuň diňe bir wagtlaýyn zat bolup, wagtyň geçmegi bilen pes äheňli täze sesiňize-de öwrenişersiňiz, ýöne weli esli wagtlap aýdym aýdyp bilmersiňiz.