Ukudan oýansam, erkeklik jyns agzam gap-gaty bolupdyr, yatan ýerimde bolsa çig tegmil bar, ýöne men ýerime buşukmandygymy anyk bilýärin. Bu adaty ýagdaýmy?

Siziň başyňyzdan geçen ýagdaý adaty ýagdaýdyr. Kämillige ýetmek döwründe erkekleriň aglaba köpüsi şular ýaly oýanan mahalynda erkeklik jyns agzasynyň gap-gaty bolandygyny duýýarlar. Muňa ereksiýa diýilýär. Aslyýetinde, eýakulýasiýa (dölüň erkeklik jyns agzasynyň üsti bilen daşyna çykarylmagy) siziň başyňyzdan kämillige ýetme döwrüniň geçýändigini duýdurýan ilkinji alamat bolup hyzmat edýär. Ýatan ýeriňizde bolsa çyg tegmiliň “gijeki daşyna dökülmeler” netijesinde peýda bolmagy gaty ahmal. Bedeniňiz tiz uka gitme (TUG) fazasyna geçende adatça erkeklik jyns agzaňyz  dik durma ýagdaýyna geçýär. Belki-de, siz “çygly düýş” diýlip atlandyrylýan jyns taýdan gyjyndyryjy bir düýş görensiňiz. Kämillige ýetmegiň umuman siziň bedeniňiziň reproduksiýa (köpelme işine) taýýarlanmagyna degişli ähli zady öz içine alýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Şular ýaly jynsy düýşler bolsa -  bütinleý adaty bir ýagdaýdyr.