Meniň endamymda edil patrak açylan ýaly düwürtikler peýda bolýar. Men näme etmeli?

Siziň deriňiziň düzümindäki ýagyň derejesiniň üýtgemegine-de androgenleriň hut özleri sebäpkär. Ululy-kiçili düwürtikler kämillige ýetmek döwrüni başdan geçirýän erkekleriň hemmesine mahsusdyr.  Deri öýjükleriniň ýag we mörjewler (bakteriýalar) bilen dykylmagy hem düwürtikleriň peýda bolmagyna getirýär.  Eger-de düwürtikleriňiz gyjyndyryp, ýüregiňize düşýän bolsa ýa-da olar juda agyryly bolsa, onda olaryň öňüni almak we olary bejermek meselesi boýunça öz lukmanyňyza ýa-da dermatologa ýüz tutuň.