Maskadan nädip dogry peýdalanmaly:

  1. Maskadan diňe lukmanlar, ýokary temperatura we üsgülewük ýaly respirator kesel alamatlary bolan adamlar ulanyp biler.
  2. Maskany eliňize almazdan öň, eliňizi düzüminde spirt saklaýan serişde bilen arassalamaly ýa-da sabyn bilen ýuwmaly.
  3. Zeper ýetmedikdigini anyklamak üçin maskany synlaşdyryň.
  4. Maskada metal oturtma bolýar, şol oturtma ýokarda bolar ýaly edip alyň.
  5. Maskanyň daş tarapyna öňe edip goýuň (ýagty reňklenen tarapy).
  6. Maskany ýüzüňize geýiň. Metal oturtmany ýa-da gysyjy zažimi burnuňyzyň görnüşine görä edip.
  7. Burnuňyzy we eňegiňiziň aşagyny ýapar ýaly, maskanyň aşak ujundan çekiň.
  8. Ulanyp bolanyňyzdan soň, maskany gulagyň arkasynda durýan baglaryndan çykaryň we ony ýüzüňize we eşigiňize degmeginden  saklaň. Çünki ulanylan maska mikroroganizmler bilen keselli bolup biler.
  9. Ulanyp bolan badyňyza maskany ýapylýan gaba taşlaň.
  10. Maska galtaşanyňyzdan soň ýa-da zyňanyňyzdan soň elleriňizi arassalamak işlerini geçiriň: düzüminde spirt saklaýan serişdeden, görnüp duran hapada bolsa sabyn bilen ýuwmaly.